Matçanowa Laura : другие произведения.

Ýazyjy Atajan Tagan-75

Самиздат: [Регистрация] [Найти] [Рейтинги] [Обсуждения] [Новинки] [Обзоры] [Помощь|Техвопросы]
Ссылки:


 Ваша оценка:

 [] []
  

Merkezi Aziýa

Rusçadan terjime
  
   Halkara ýazyjylar guramasynyň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan, Russiýa Federesiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri, edebiýat hünärmenleri tarapyndan türki dilli dünýäniň tanymal prozaçylarynyň biri hasaplanýan, meşgur türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 75 ýaşaýar. Ol Türkmenistanyň Mary welaýatynda doglup, Mary şäherindäki 10-njy mekdepde orta bilim alýar.
   Atajan Tagan Moskwanyň Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlap, 1966-1994-nji ýyllar aralygynda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Prawleniýesinde edebi geňeşçi bolup işleýär, rus hem sowet edebiýat korifeýleriniň mekdebinde tälim alýar.
   Ol türkmen rus, bolgar, özbek, täjik, gyrgyz dillerinde 700000 nusga bilen çap bolan 15 kitabyň awtory. Onuň romandyr powest, hekaýalary "Znamýa", "Družba narodow". "Ogonýok", "Oktýabr", "Öýku" (Ankara). "Sadoi şark", "Jahon adabiýiýoty" žurnallarynda çap bolýar, käbir eserleri ukrain, belorus, azerbeýjan, moldawan, çeh dillerine terjime edilýär.Nowellistika žanrynyň ussady hökmünde 1991-nji ýylda A.Taganyň Berlin şäherinde "Hekaýa agşamy" geçirilýär, 2014-nji ýylda bolsa "Kesekli" romany Germaniýada rus diline terjime edilip, elektron nusgasy bütin dünýäniň onlaýn-kitap dükanlaryna ýaýradylýar.
   Atajan Tagan dünýäniň nusgawy edebiýatyndan J.Londonyň "Martin Iden". A.Kamýunyň "Saýry", E.M. Remarkyň "Günbatar frontda özgerme ýok", F.S Fisjeraldyň "Beýik Getsbi", S. Moemiň "Aý hem teňňe", Gi-de Mopassanyň "Pýer bilen Žan" romanlaryny, I.Turgenýewiň " Bahar bulaklary", Ç. Aýtmatowyň "Ak gämi", "Düýegöz" powestlerini, W.Şukşiniň "Aýly agşamlardaky söhbet" proza kitabyny, E.Hemingueýiň "Ret bol, ýarag", W.Öňgöreniň "Asiýanyň halas bolşy", W. Şukşiniň "Işewür adamlar", H. Gulamyň "Aşyk Daşpalta", B. Žakiýewiň "Ertir Täze ýyl" drama eserlerini. M.Bulgakowyň, I, Buniniň, O. Akbalyň, W. Rasputiniň A.Žukuň. Ýa. Nerudanyň, M.Myradalyýewiň, A.Sagretýanyň, Erwin Ömüriň, Ý.Bltuşisiň hekaýalaryny ene diline terjime etmek bilen türkmen medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşýär.
   Ýazyjynyň esrlerinden 5 çeper film (şol sanda "Tenetek") ekrana çykaryldy, pýesalaryndan 7 spektakl goýuldy.
  Atajan Taganyň döredijiligi barada "Nepsabadşag" wenger gazetinde çap edilen edebi synçy Islaý Zoltanyň "Perişde kanagatlylygy" makalasyndan başlap, "Gyrgyzstan madaniýaty" gazetinde çap edilen B.Şamşyýewiň "Durmuş dowam edýär" diýen makalasyna çenli dürli dillerde 60-dan gowrak derňew işi ýazyldy.
   Agramly edebiýat hünärmenleri A. Tagany çeper prozanyň özboluşly ussady hasaplaýarlar. Pikiriň çuňlugy, durmuş hakykaty bilen edebi çeperçilik dogruçyllygynyň tebigy baglanyşygyny ynandyryjy görkezmek, sýužetiň hem kompozisiýanyň arhitektonikasyny inçelik bilen döretmek bu ýazyjynyň esasy ussatlyk aýratynlygydyr. Ol eserlerinde emeli dartgynlylygy, ýasama wakalary asla ulanmaýar.
   Ýazyjy Atajan Taganyň ruhy dünýäsi uly edebi galaktikadyr. Öňdengörüjilik hem çuňňur filosofiýa, ahlaklylyk hem ynamlylyk onuň döredijiliginiň esasy özenidir.
   1965-nji ýylda ýazylan "Saragt galasy" ("Gowşut han") atly şol döwürde "howply eser" hasaplanan.1986-njy ýylda kynlyk bilen okyja ýeten,1988-nji ýylda gaýtadan çap edilen romanynda ol türkmen edebiýatynda ilkinji bolup halkyň hakyky özbaşdaklygy hem erkinligi baradaky edebi ideýany döretdi.
   Atajan Tagan wagtlaýyn ýagdaýa görä üýtgäp duran yrga awtor däl. Ol ýazyjylyk senediniň abraýyny hususy bähbidine çalyşmaýar.Ýöne obýektiwlik hem gönümellik oňa mydama örän gymmat düşýärdi. Daşary ýurt metbugatynda hem bellenen bir mysal: 1994-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň premýer-ministri, komsomolyň uly mekdebini geçen Oraz Aýdogdyýew ýazyjyny huzuryna çagyryp, şol döwürdäki türkmen oppozisiýasynyň ýolbaşçysy Abdy Kulyýewiň garşysyna metbugatda çykyş etmegini haýyş edýär. Ýokary derejedäki haýyşy bitirmezligi A.Tagany resmi ýagdaýda "islenmeýän" ýazyja öwürýär. Netijede onuň kitabynyň çykmagy, Mary welaýat teatrynda pýesasynyň repetisiýasy togtadylýar, adynyň metbugatda peýda bolmagy gadagan edilýär, döredijilik biografiýasy mekdepleriň okuw programmalaryndan aýrylýar.
   Medeniýete döwrüň ýokary talaplary derejesinde düşünýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda prezident saýlanmagy bilen Türkmenistanda döredijilik atmosferasy gowulyga tarap özgerdi. Özgeriş Atajan Taganyň döredijiligine-de oňyn täsir ýetirdi. Prezidentiň Permany bilen ýurduň medeniýetiniň ösmegine goşan goşandy üçin A.Tagana "Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri" diýen hormatly at dakyldy. Onuň ssenariýsi esasynda döredilen "Akmaýanyň ýoly" (režissýor Kerim Annanow) çeper film ekrana çykdy, hekaýalary, hem dünýä edebiýatyndan eden terjimeleri metbugatda çap bolup başlady. Geçen ýyl bolsa, Türkmenistanyň döwlet metbugat gullugy A.Taganyň "Serwi gelin" atly uly göwrümli eserler toplumyny çapdan çykardy. Ol meşhur ýazyjynyň 24 ýyllyk arakesmeden soň türkmen dilinde çykan ilkinji kitaby boldy. 10500 nusga bilen ýaýradylan ol kitap iki aýyň dowamynda satylyp gutaryldy.
   2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Atajan Tagan 75 ýaşaýar. Kitaplaryny dürli dillerde okaýan müňläp-müňläp janköýerleriniň adyndan biz uly ussady ýubileýi bilen gutlap, döredijilik rowaçlyklaryny arzuw edýäris.
  
   Laura MATÇANOWA
   Iýun,2015
 Ваша оценка:

Связаться с программистом сайта.

Новые книги авторов СИ, вышедшие из печати:
О.Болдырева "Крадуш. Чужие души" М.Николаев "Вторжение на Землю"

Как попасть в этoт список
Сайт - "Художники" .. || .. Доска об'явлений "Книги"